- ýylmanak
- Ýüzi büdür -- jüdür däl, örän tekiz, ýüzi edigan, ýalpyldap duran. Ýüzi büdür-jüdür däl, örän tekiz, ýüzi edigan, ýalpyldap duran.∙ Ol gabagyny galdyrman, piliň elden sypyp barýan ýylmanak sapyny biygtyýar sypap, diňe: -- Aýsoltan! -- diýip seslendi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)∙ Mama ýylmanak dörtgoşma bilezigi etlek bileklerine dakynyp, kümüşli heýkeli ýanyn dakyndy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem ýylmanak - ýylmanagy.◊ ýylmanak gürrüň — seret gürrüň∙ Ol ýylmanak gürrüňler tapyp, Hatyjany aýlampaja mündüren ýaly başyny aýlandyryn öýtdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.